ebook img

SEYTANYN ALY+.indd PDF

220 Pages·2015·1.13 MB·Turkish
by  
Save to my drive
Quick download
Download
Most books are stored in the elastic cloud where traffic is expensive. For this reason, we have a limit on daily download.

Preview SEYTANYN ALY+.indd

Jon Biwer ŞEÝTANYŇ ALY The Bait of Satan by John Bevere, Turkmen © 2015 Messenger International www.Messengerinternational.org Originally published in English as The Bait of Satan Additional resources in Turkmen by John & Lisa Bevere are available for free download at: www.CloudLibrary.org To contact the author: [email protected] Şeýtanyň aly, türkmen dilinde, Jon Biwer © 2015 Messenger International www.MessengerInernational.org Kitabyň asyl nusgasy inglis dilinde «The Bait of Satan» Türkmen dilinde goşmaça çeşmeleri mugt indirmek üçin şu saýtda elýeterli: www.CloudLibrary.org Awtor bilen habarlaşmak üçin şu salga hat ýazyň: [email protected] Hudaýdan soň meniň ikinji eziz dostum bolup duran, aýalym Liza meniň çuňňur minnetdarlygym tükeniksizdir. Sen hakykatdan hem päk ahlakly aýal. Bizi är-aýal edip sataşdyran Taňra men ömür baky minnetdar bolaryn. Bu kitaby redakt irlemekde beren gaýratly kö megiň üçin saňa Taňryýalkasyn aýdýaryn. Şu taslamanyň amala aşmagy üçin öz kakalary bilen bile geçirmeli wagtlaryny ýitiren meniň ogullarym Edisona, Ostina we Aleksandra, oglanlar, siz meniň köňül şatlygymsyňyz! Ýakyn wagtlarda dünýä inmeli meniň ogluma ýa gyzyma. Sen eýýäm biziň maşgalamyzyň söýgüli agzasy bolduň we biz seni görmäge juda howlukýarys. Bu ýüzlenmä ynanan we bu işi ýazmaklyga we neşir etmeklige meni ruhlandyran Jon Meýsona; redaktirlemekde görkezen ussatlygy we goldawy üçin Debora Poulaliona we biziň bilen bu taslamanyň üstünde işlän «Creation House» neşirýatynyň ähli işgärlerine men çuňňur minnetdardyryn. Ýöne, iň esasy, Onuň dil bilen düşündirip bolmaýan peşgeşi üçin Hudaýa, merhemeti, hakykaty we söýgüsi üçin Rebbimiz Isa we bu taslamanyň üstünde işläp ýörkäm wepaly ýolbaşçylyk edeni üçin Mukaddes Ruha men öz çuň ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. MAZMUNY Sözbaşy ................................................................................7 Giriş ................................................................................... 9 1. Men öýkelimi?.....................................................................13 2. Köpçülikleýin öýke ............................................................23 3. Nädip meniň bilen beýle zatlar bolup geçdikä? ......................37 4. Atam, atam! .......................................................................51 5. Nädip ruhy sergezdanlar döreýärler .....................................67 6. Hakykatdan gizlenip ..........................................................83 7. Ygtybarly binýat ...............................................................95 8. Sarsdyryp bolýan ähli zatlar sarsar ......................................111 9. Büd reme daşy...................................................................129 10. Olary nägile edip büdretmezligimiz üçin ............................149 11. Geçirimlilik: bermeseňiz – almarsyňyz! .............................. 161 12. Ar almaklyk – bu duzakdyr ..............................................177 13. Duzakdan nädip gutulmaly ...............................................191 14. Biziň maksadymyz – ýaraşmaklykdyr ...............................203 Sözsoňy. Tejribeli ädimler ....................................................215 5 SÖZBAŞY Başagaý we ölüp barýan dünýä Hoş Habary getirmeklige taýýar bolan, Onuň saýlap-çagyran adamlarynyň NESLINI HUDAÝ ÝOKARY GÖTERÝÄR. Jon Biwer şeýle nesle degişlidir. Men Jon bilen, Mesihileriň Ýygnagynyň ybadatçysy hökmünde, 1983-nji ýylda tanşypdym, meni ol ýere wagyz etmek üçin çagyrypdylar. Birnäçe ýyl geçenden soňra bolsa Rebbimiz ony, Mesihileriň Ýygnagynyň ştatly işgäri hökmünde, meniň Orlan- dodaky Mesihiler Ýygnagyma getirdi. Men onuň Rebbe bolan imanda we Injiliň gullukçysy hökmünde-de ösüşini we kämilleşişini gördüm. Onda hakykata bolan yhlas we adamlara bolan söýgi alawlaýar we ol onuň üçin Hoş Habary wagyz etmekde öňe iterýän güýç bolup durýar. Onuň ylalaşyksyz we adamlar üçin düşnükli bolan Hudaýyň Sözüni wagyz edişi günälileri toba etmeklige we mukaddes ýaşaýyşa çagyrýar. Jon «Şeýtanyň aly» atly kitabynda her bir imanly adam üçin düýpli gapan bolup duran günä etmäge ýol açýan ähli işleri we öýke ýaly wajyp temany gozgaýar. Günä etmäge ýol açýan ähli işleri we öýke sebäpli imanly adamyň durmuşda başyna düşýän synaglary we kynçylyklary dürli-dürli erbet netijelere getirip biler. Ahyrky netije bütinleý adamyň olara bolan garaýşyna bagly bolar. Eger siz ynjyk we öýkelek bolsaňyz, onda Hudaýyň perzendi hökmünde siziň ruhy ösüşiňiz durmuş ýolunda dörän päsgelçilik sebäpli togtap başlar. Siziň özüňize haýpyňyz gelip, özüňize «baýramçylyk» gurnaýaňyz we siz ol ýerde - hormatly myhman! Özüňiz babatda adalatsyz edilen hereket barada hemişe pikir edip 7 Şeýtanyň aly ýörmek bilen, siz öz nazaryňyzy Rebden sowýarsyňyz, şeýlelikde öz-özüňizden çetleşip gidýärsiňiz. Hakykat-da weli, nähili ökdelik bilen gurnalan duzak! Ýöne, eger siz öýkäni uzak saklap durmasaňyz we öz dur mu- şyňyza onuň «kökleriniň» ösmekligine rugsat bermeseňiz, ähli ýagdaýlary Rebbiň ygtyýaryna berip, siz Oňa bolan imanyňyzy berkidip bilersiňiz. «Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bo la- nyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. Sebäbi imanyňyzyň synal- magy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz. Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-kössüz, berk we kämil bolarsyňyz» (Ýakubyň haty 1:2-4) diýip Ýakup ýazýar. Günä etmäge ýol açýan ähli işler we öýkeler hökmany geler. Bu dünýäde günä etmäge ýol açýan ähli işlere we öýkelere gabat gelmän ýaşap bolmaýanlygyny Isa Öz okuwçylaryna öňünden duýdurypdy. Sorag günä etmäge ýol açýan ähli işleriň we öýkeleriň bize gabat geljeginde ýa-da gelmejeginde däl-de, olar gelen ýagdaýynda meniň özümi nähili alyp barjagymda. Eger siz häzir ýaýdanýan bolsaňyz, bu kitap siziň öňüňizde ha- tarlanyp duran duzaklary kesgitlemeklige kömek eder. Iblisiň (şeý- tanyň) oýunlaryny tanamaklygy we ýeňmekligi öwreniň. Biweriň kitaby men günä etmäge ýol açýan ähli işler we öýkeler bilen näme etmeli diýen soraga Injiliň üsti bilen jogap bermäge çemeleşýär. Ýadyňyzda saklaň, Hakykat sizi halas eder – haçanda siz Ony hut özüňiz tanasaňyz! Maddy dünýäniň çäginden aňryk serediň we özüňiziň hakyky duşmanyňyzy – şeýtany tanaň. Benni Hinn, pastor we Hoş Habary wagyz ediji. Orlandodadaky mesihiler merkezi, Florida ştaty. 1994-nji ýylyň apreli 8

Description:
Mukaddes Kitabyň iňlisçe terjimesinde düşnüksizlikleriň bolmazlygy üçin bu söz «öıke» diımekligi hem aňladıar, terjimäniň awtoryň aıtjak bolıan
See more

The list of books you might like

Most books are stored in the elastic cloud where traffic is expensive. For this reason, we have a limit on daily download.